- bulaşyklyk
- 1) Bulam-bujarlyk, çalam- çaşlyk, tertipsizlik.∙ Saçyň bulaşyklygy adamyny gelşiksiz görkezýär.2) Aýdyň dällik, garym-gatymlyk, baş-başdaklyk, düşnüksizlik.∙ Soň bir hili bulaşyklyga düşüp okuwyndan hem kowlupdyr. («Sowet edebiýaty» žurnaly)3) Açyk dällik, tutuklyk (hawa hakda).∙ Şu günki howanyň bulaşyklygy işe päsgel berdi.Ýazuw düzgüni: Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, k sesi g sesine öwrülýär.Meselem bulaşyklyk - bulaşyklygy.
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.